Hyzmatlar

Hyzmatlar

1. Demir ýoluň üsti bilen ýük daşamak

-  Wagonlaryň we konteýnerlaryň ähli görnüşleri bilen eksport we import demir ýol bilen ýük daşamak.

-  Tranzit ýük daşaýyşlary guramak.

-  Içki türkmen demir ýolda ýük daşalyşyna guramak.

-  Türkmenistanyň çägi boýunça özümiziň boş duran wagonlarymyzy dolandyrmak.

-  Wagonlary ugratmaga meýilnama bermek.

-  Howply, gabara sygmaýan we agramly, şeýle hem ýük daşalşynda aýratyn şertleri talap edýän ýükleri daşamak.

-  Demir ýol stansiýalarynda ýükleri ugratmak, almak we bir salgydan başga salga ugratmak.

-  Ýükleriň ýük aşyryjy terminallardan we serhet geçelgelerinden we ş.m-leriň üsti bilen geçýän ýükleriň gidişi we ýüklenişi barada habar bermek.

   “Demirýolçy” ÝGPJ ulag kompaniýasy resmi ýagdaýda yglan edilen ekspeditoryň hukugyndan peýdalanyp, ýükleri demir ýol boýunça ugratma-ýollama işlerini hem amala aşyrýar. Şuňa laýyklykda, biz size Türkmenistanyň çägi boýunça eksport we import tranzit ýükleri daşamak üçin aşaky (minimal) demir ýol tariflaryny hödürleýäris.Türkmenistan boýunça ýük daşamagyň demir ýol tarifiniň bahasyny hasaplamak birnäçe sagatda amala aşyrylýar. Başga ýurtlara ýük daşalyşyny hasaplamak üçin kompaniýa öz şärikleri bilen gepleşýär, bu bolsa bir günden birnäçe güne çenli wagt alýar.

    GDA, Baltiýa, Eýran, Owganystan, Hytaý we Ýewropanyň we Aziýanyň beýleki ýurtlaryň ekspeditorlyk bilen gazanylan geleşikler mynasybetli şol ýurtlaryň çäginde minimal we gyssagly hasaplanan demir ýol tariflary boýunça ýük daşamagy teklip etmäge taýýarlygymyzy mälim edýäris.

2. Konsalting hyzmatlar

-  Ulag çyzgylaryny işläp taýýarlamak we optimal işläp düzmek.

-  Ýükleri ekspedirlemegiň şertleri boýunça maslahat bermek.

-  Ýük daşalyşyny meýilleşdirmek we guramak boýunça hyzmatlar.

-  Has amatly hereket sostawyny saýlamak.

-  Ýükleri porta daşamaga, ýöriteleşdirilen hereket edýän sostawda eksport etmek üçin gerek bolan rugsatnamalary almak.

-  Ýüklemegiň tehniki şertlerini tassyklamak we çyzgysyny taýýarlamak, şol sanda birmeňzeş bolmadyk we gabarasy uly ýükler üçin taýýarlamak.

-  Ýük daşalyşynyň durýan bahasyny operatiw sanamak we toplumlaýyn tarif stawkalaryny bermek.

-  Şertnamalary taýýarlamak we ýük daşamaga gatnaşýan taraplar bilen ylalaşmak. (demir ýol ulagynyň administrasiýasy, hereket edýän sostawyň eýeleri we ş.m)

-  Ýük eltmegiň şertleriniň bozulan ýagdaýynda ýük daşaýanlaryň nägileliklerini çözmek.

-  Ulag çykdajylaryny kemeltmek we ulag resminamalarynyň taýýarlamak boýunça maslahatlar.

-  Ýük daşalyşy baradaky kadalar we beýleki normatiw resminamalar sizi gyzyklandyrýan bolsa degişli maglumatlary bermek.

-  Ýükleri daşamagyň we ugratmagyň-ýollamagyň hereket edýän şertleri, kadalar we beýleki parametrlar boýunça maglumatlary bermek.

   Demir ýol boýunça ýük daşamagy taýýarlamak we resmileşdirmek bilen bagly her bir anyk ýagdaý barada meseleleriň giň spektri boýunça maglumatlary tiz alamaga öz müşderilerimize mümkinçilik bermegi üpjün edýäris.