Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: Türkmenistan doganlyk Owganystanyň gülläp ösýän döwlet bolmagynyň tarapdary bolup çykyş edýär


2016-11-29



Aşgabatda BMG-niň howandarlygynda hem-de onuň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçirilen Durnukly ulag ulgamy boýunça ählumumy maslahat hem-de onuň yzysüre Aziýa halkara ulag geçelgesini döretmek baradaky ägirt uly taslamanyň birinji tapgyryna öwrülen täze demir ýoluň açylmagy — bu wakalaryň her biriniň ägirt uly ähmiýeti bar, ýöne olar bilelikde Türkmenistanyň strategiýasynyň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasatynyň aýdyň we takyk many-mazmunyny görkezýär. Onuň formulasy bolsa “dünýä möçberinde pikirlenmeli — ýerlerde hereket etmeli” diýen ýörelgede jemlenýär. 

Döwlet Baştutanymyz türkmen paýtagtynda dünýä syýasy we ykdysady ulgamynyň wekillerini jemlän bütindünýä forumyň ara alyp maslahatlaşmagyna geljek üçin anyk teklipleri öňe sürüp, dünýä möçberinde wezipeleri çözmekde örän jogapkärli hyzmatdaş hökmünde Türkmenistanyň kuwwatyny öň hatara çykarýar. Bu beýan edilen kuwwat bolsa iş ýüzünde üstünlikli durmuşa geçirilen taslamanyň mysaly arkaly anyk berkidildi. Bu taslamada ýurdumyzyň milli bähbitleri goňşy döwletleriň we tutuş Aziýa sebitiniň talaplary bilen sazlaşdyryldy. 

Ýurdumyzyň ýakyn goňşulary bilen näderejede netijeli hyzmatdaşlyk edýändigi, olaryň gatnaşyklarynyň häsiýeti döwletimiziň daşary syýasat ugrunyň hem-de tutuş halkara hyzmatdaşlygynyň taktikasynyň iň gowy we aýdyň subutnamasy bolup hyzmat edýär. 

Aziýa halkara demir ýol ulag geçelgesiniň birinji tapgyryny — Atamyrat — Ymamnazar — Akina bölegini ulanmaga bermek mynasybetli Lebap welaýatynda geçirilen dabaralar owgan topragynda dowam etdi. Ozal habar berlişi ýaly, bu dabaralar Akina demir ýol bekedinde geçirildi. Şol ýere Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani Ymamnazar bekedinden otluda gelip, täze demir ýoluň ilkinji ýolagçylary boldular.