BIZ HAKDA

“Garaşsyzlyk ýollarynyň dowamynda ýurdumyzda demir ýol pudagyny ösdürmek boýunça ägirt uly işler alnyp baryldy. Pudagyň material-tehniki bazasy berkidilip, häzirki zaman infrastrukturasy döredildi. Ýolagçylara edilýän hyzmatyň hilini yzygiderli ýokarlandyrmak boýunça-da köp işler edildi. Täze demir ýollar ulagy pudagynda iri taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýän kuwwatly döwletleriň birine öwrüldi.”

                        Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhammedow

 

Jemgyýet barada

         “Demirýolçy” ÝGPJ-niň esaslandyryjysy bolup Türkmenistanyň demir ýol ulaglar ministrligi çykyş edýär. Jemgyýet logistik ugry ösdürmegiň çäklerinde 2014-nji ýylyň 13-nji fewralynda döredildi.

          “Demirýolçy” ÝGPJ-niň demir ýol arkaly ýük daşamak bilen bagly hyzmatlaryň giň spektrini amala aşyrýar we Türkmenistanyň çäginde onuň ençeme wekilçilikleri ýerleşýär.

          Jemgyýetiň wezipesi: Biz ýük eýeleriniň ulag meseleleriniň profesional çözgüt arkaly guramagy ýönekeýleşdirmek bilen ykdysady aragatnaşyklaryň ygtybarly we durnukly bolmagyny üpjün edýäris. Ýük daşamagy amala aşyrmakda hökmany suratda ýüze çykýan material we wagtlaýyn harajatlary mümkingadar azaltmaga çalyşýarys. Bu bolsa biziň buýuryjylarymyza öz meseleleriniň aýratynlykda ünsi jemlemäge mümkinçilik berýäris.

Maksady:

         Profesionallyk – ulag  tehnologiýasy we ýük daşamagyň islendik görnüşini guramaklyga ulgamly çemeleşmekde ylmy taýdan işlenip düzülen ýörelgeleri ulanmak.

           Operatiwlyk – müşderi bilen özara baglanyşyk üçin öňdebaryjy habar beriş we kominikatsion tehnologiýalardan peýdalanmak şeýle hem, dolandyryşda we hasaba alyşda operatiwlik.

          Amatlylyk – ýeňil söhbetdeşlik, goldaw we islendik pursatda kömek.